Gündäki partlamalaryň sesi nämä meňzeýär: diňläp görüň

  • 16.01.2025 11:19
  • 13k+

Ýewropanyň kosmos agentliginiň (ESA) hünärmenleri Solar Orbiter enjamynyň soňky üç ýylda toplan maglumatlaryny sese öwrüp, Gün partlamalarynyň “nähili ses çykarýandygyny” görkezdiler. Gözlegleriň çäklerinde, maglumatlary sese öwürýän sonifikasiýa tehnologiýasy ulanyldy diýip, Space.com habar berýär.

Alnan wideoda her bir gök tegelegiň (partlamalaryň) döremegi, degişli ses bilen sinhronlaşdyrylýar. Sesiň tony partlamalaryň ululygyna we ýüze çykyş ýygylygyna baglylykda üýtgeýär.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, partlamalaryň sanynyň we ululygynyň artmagy, 11 ýyldan bir gezek gaýtalanýan Gün aýlawynyň (ýyldyzyň işjeňliginiň iň ýokary derejesine ýetmeginiň) ýakynlaşýandygyny görkezýär.
Bu taslama bilimi düşündirmegi aňsatlaşdyrmak we köpçüligiň çylşyrymly maglumatlary has gowy kabul etmegine ýardam bermek üçin döredildi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....