Ösümlikler, Marsa garanda, Aýda has gowy ýetişýär - alymlar

  • 13.01.2025 14:47
  • 7.5k+

Demirgazyk Arizona uniwersitetiniň alymlary Aý we Mars topraklaryny imitasiýa edip (hakyky görnüşlerine meňzedip ýasap), oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça barlaglary geçirýärler. Bu barlaglar geljekki arş missiýalarynda özbaşdak ilatly ýerleriň döredilmegi üçin möhümdir diýip, Space.com ýazýar.

Alymlar Mars topragynda azodyň köpdügi sebäpli, onuň oba hojalyk ekinleri üçin has amatly boljakdygyny çaklapdylar. Ýöne ilkinji synaglaryň netijeleri alymlary geň galdyrdy: ekinler imitasiýa edilen Aý topragynda has gowy ösdürilip ýetişdirildi. Munuň sebäbi Mars topragynyň gurluş aýratynlygyna baglydyr. Mars topragy ownuk we döwük ýaly görünse-de, gaty dykyzdyr. Şol sebäpden iýmitlik maddalar eräp, topraga siňip bilmän, ösümlikleriň köklerine ýetip bilmeýärler. Şeýle-de, Mars topragyndaky toksiki perhloratlaryň (zäherli maddalaryň) ýokary derejesi ekinleriň ösmegine goşmaça kynçylyk döredýär.
Alymlar hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin topraga dökün goşýarlar. Barlagyň awtorlary, arş giňişligindäki ilatly ýerlerde, adamyň gündelik işjeňliginiň galyndylaryny gaýtadan işleýän bakteriýalaryň esasynda taýýarlanan dökünleriň has amatly boljakdygyny çaklaýarlar. Ýöne bu usulyň netijeliligi entek adaty usullar bilen deňeşdirilende pesdir. Mysal üçin, Mars topragynda, bu bakteriýaly dökünler bilen ekilen mekgejöweniň ýaşaýyş derejesi 33% boldy, emma adaty dökünler bilen bu görkeziji 59%-e ýetdi. Şol sebäpden, geljekde Mars bazasynda ýaşajak ýaşaýjylar ýanlary bilen adaty dökünleri-de alyp gitmeli bolarlar.
Häzirki wagtda alymlar brokkoli, kädi, noýba we ýorunja ýaly ekinler bilen barlaglaryny dowam etdirýärler. Indiki maksat, ýeralma ösdürip ýetişdirmegiň mümkinçiligini barlamakdyr.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....