NASA-nyň özi Marsdan nusgalary 2040-njy ýyllardan bärde getirip bilmez. Bu uzak wagt alar we gymmada düşer

  • 12.01.2025 01:36
  • 7.3k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary müdirligi (NASA) SpaceX we Blue Origin ýaly hususy kompaniýalary Marsyň topragynyň nusgalaryny getirmäge çekmegi göz öňünde tutýar.

Gullugyň başlygy Bill Nelsonyň sözlerine görä, Perseverance mars roweri tarapyndan toplanan nusgalary asyl görnüşinde alyp gaýtmak taslamasyny 2040-njy ýyllardan bärde durmuşa geçirmek mümkin däl. Üstesine, munuň üçin azyndan 11 milliard dollar gerek bolar, bu bolsa häzirki şertlerde taslamany durmuşa geçirmekligi gaty gymmata düşürýär.
Gulluk bu prosesi çaltlaşdyrmak isleýär we hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinkinçiligini goşmak bilen, alternatiwalary gözleýär.
Teklip edilýän wariantlaryň biri, NASA-nyň kiçi goýberiş moduly bilen Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) kosmiki gämisini uçurmagy göz öňünde tutýar. Bu modul Gyzyl planetanyň üstünden jynslaryň nusgalaryny ýygnap, öz hereketlendirijileriniň kömegi bilen orbita gaýdyp bilerdi. Şeýle missiýanyň bahasy 6,6-7,7 milliard dollar bolar diýlip çaklanylýar.
Başga bir wariant, ESA kosmos gämisine toprak getirip biljek agyr ýük göterijini işläp taýýarlap biljek hususy kompaniýalary bu işe çekmegi göz öňünde tutýar. Şeýle taslamanyň bahasy çen bilen 5,8-7,1 milliard dollar bolar.
Şular ýaly ýagdaýda hereket edilende görä, Mars jynslarynyň nusgalaryny Ýere 2035-nji we 2039-njy ýyllar aralygynda getirmek mümkin bolar:

"Iň soňky karara 2026-njy ýylda gelner" – diýip, Nelson habar berdi.


şu gün 10:53
355

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....