Belarus Respublikasynyň ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 06.01.2025 17:22
  • 3.8k+

Şu gün, 6-njy ýanwarda Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.
Iki ýurduň sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar BMG-niň çäginde başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......