Hytaýda eliň aýasynyň ululygyndaky gadymy pişigiň galyndylary tapyldy

  • 04.01.2025 22:10
  • 6.4k+

Hytaýda eliň aýasynyň ululygyndaky gadymy pişigiň daşlaşan galyndylary tapyldy. Bu tapyndy alymlara pişikler maşgalasynyň häzirki zaman görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi diýip, Xinhua agentligi habar berýär.

Galyndylar Hytaýyň gündogaryndaky Hualundun gowagynda ýüze çykaryldy. Bu görnüşe Prionailurus kurteni diýip at berildi. Bu jandar elde rahatlyk bilen saklanyp bilinjek ululyga eýe bolup, gyzgylt we gara aýaklylar ýaly häzirki zaman pişikleriniň iň kiçi görnüşlerine meňzeş bolupdyr.
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary bu tapyndynyň pişikleriň ewolýusion taryhyny öwrenmek üçin aýratyn ähmiýetlidigini belleýärler. Çeňňegiň we dişleriniň barlagy onuň bengal pişigi, öý pişigi we manul bilen meňzeşligini ýüze çykaryp, olaryň umumy bir görnüşden gelip çykandygyny tassyklady.
Birinji azy dişiniň gyşarmasy tapyndynyň seýrek gymmatlygyny has hem artdyrýar.
Gazuw-agtaryş işleri 2013-nji ýylda başlan Hualundun gowagy mundan başga-da täsin açyşlary bilen meşhurdyr. Öň hem bu ýerde 300 müň ýyl ozalky döwre degişli ençeme adamlaryň galyndylary ýüze çykarylyp, bu gowak Homo sapiensleriň ewolýusion taryhyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýetli hasap edilipdi.
Gadymy adamlar ownuk haýwanlary, şol sanda pişikleri hem iýmitlendiripdirler diýip, arheologlar çaklaýarlar.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....