Türkmenistanyň DIM-nde 2025-nji ýyl üçin esasy wezipeler maslahatlaşyldy

  • 28.12.2024 20:59
  • 6.8k+

27-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler.
Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekmegi dowam etdirmegiň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde anyk wezipeler kesgitlenildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......