NASA-nyň “Parker” zondy Güne iň golaý aralyga barmakda rekord goýdy

  • 27.12.2024 10:31
  • 7.2k+

24-nji dekabrda NASA-nyň Parker Solar Probe zondy Güne azyndan 6,1 million kilometre golaý aralykdan sagatda 692 000 km tizlik bilen uçup geçip, täze rekordlary goýdy. Bu enjamyň Gün aýtymyna 22-nji gezek ýakynlaşmasynyň bir bölegi boldy diýip, The Guardian habar berýär.

Zonduň missiýasy 2018-nji ýylyň awgust aýynda başlandy. Gün ýelini we ýyldyzyň atmosferasyny öwrenmek üçin döredilen enjam uglerod köpüginden ýasalan ýylylykdan goraýjy ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň wezipesi 980° C-a çenli temperatura döz gelmek.

“Entek adam eli bilen ýasalan hiç bir obýekt Günüň şeýle golaýyndan uçup geçen däldir, şonuň üçin Parker heniz baryp görülmedik ýerlerden maglumat iberer. Biz onuň aragatnaşyga çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" - diýip, Jon Hopkins uniwersitetiniň amaly fizika barlaghanasynyň missiýa menejeri Nik Pinkin belledi.

Alymlar 27-nji dekabrda enjam signal berende onuň ýagdaýy barada bilerler. Zonduň Gün alawyna düşen bolmagy ähtimal, sebäbi Gün häzir 11 ýyllyk işjeňlik  sikliniň iň ýokary derejesinde.
Eger Parker işlemegini dowam etdirse, 2025-nji ýylda ol ýene iki gezek Güne ýakynlaşar. Missiýanyň ylmy wezipeleri elektromagnit meýdanlaryny öwrenmegi we näme üçin ýyldyzyň aýtymynyň onuň ýüzünden yssydygy baradaky soraga jogap tapmagy öz içine alýar.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......