Arheologlar Gruziýada ýüzi syrly nyşanly gadymy tagtajygy tapdylar

  • 24.12.2024 00:19
  • 3.8k+

Gürjüstanda arheologlar ýüzi näbelli hatly gadymy daş tagtajygyny tapdylar. Bazalt daşynyň ýüzüne haşamlanyp ýazylan nyşanlaryň aňladýan manysy häli-häzire çenli açylmady we gelip çykyşy syr bolmagynda galýar diýip, Science Alert habar berýär.

Aýpadyň ululygyndaky tagtajygy 2021-nji ýylda Başplemi kölüniň töwereklerinden Dmanisi munisipalitetiniň ýaşaýjylary tapdylar. Onda 60 sany haşamlanyp ýazylan nyşan bar.
Ýakynda Journal of Ancient History and Archaeology žurnalynda geçirilen barlag bularyň ozal resmi bellige alynmadyk ýazuwyň nusgalarydygyny tassyklady.
Nyşanlar artefakta konus şekilli buraw we tegelek gural bilen oýulyp geçirilipdir.
Arheologlar bu nyşanlary kimiň we haýsy maksat bilen döredendigini anyk kesgitläp bilmeýärler. Şeýle-de bolsa, barlagçylar ýazuwyň bürünç we irki demir asyrlarynda sebitde giňden ýaýran medeni däp-dessurlar bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Nyşanlar Ýakyn Gündogaryň nyşanlaryna meňzeýär we Gruziýanyň häzirki dilleriniň esasyna öwrülen kartweli ýazuwy bilen baglanyşygy bolup biler.
Bu artefakt Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm medeni çatryk bolan sebitde ýazuwyň köp taraply taryhyna ýene bir sahypa goşýar.


düýn 11:37
3.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
2.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.6k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.3k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......