AirHelp dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtingini hödürledi

  • 20.12.2024 07:48
  • 11k+

Dünýädäki awiakompaniýalaryň hiline we iş tizligine baha bermäge ýöriteleşen AirHelp kompaniýasy pudagyň iň gowy we ýaramaz wekilleriniň täze reýtingini hödürledi. Reýting 2024-nji ýylyň ýanwaryndan oktýabry aralygyndaky döwürde 109 awiakompaniýanyň işiniň seljermesine esaslanýar.

Reýtingi düzüjiler 54-den gowrak ýurtdan müňlerçe awiaýolagçydan awiakompaniýalaryň gatnawlarynda hyzmatyň hiline baha bermegi soradylar. Şeýle-de, hünärmenler gatnawlaryň ýerbe-ýerligini we awiakompaniýalaryň nägileliklere nähili çemeleşýändigini, olaryň ýolagçylara kompensasiýa tölemek ähtimallygyny hem göz öňünde tutdular. Bularyň ählisi 10 bal şkala boýunça bahalandyryldy.
Sanawda birinji orny Belgiýanyň 8,12 bal alan Brussels Airlines awiakompaniýasy eýeledi. Onuň yzyndan Qatar Airways (8,11) we United Airlines (8,04) gelýär.
Şeýle-de, iň gowy awiakompaniýalaryň ilkinji onlugyna American Airlines, Play, Austrian Airlines, LOT Polish Airlines, Air Arabia, Widerøe we Air Serbia girdi.
Reýtingiň soňky ornunda 3,63 bal bilen Tunisiň Tunisair awiakompaniýasy ýerleşdi.
AirHelp-iň hasaby boýunça, dünýäniň iň gowy howa menzili adyna 8,52 bal alan Dohadaky (Katar) Hamad halkara howa menzili mynasyp boldy. Ikinji orny GAR-yň Keýptaun howa menzili (8,50) eýeledi, üçlügi Ýaponiýanyň Nagoýa şäherindäki Týubu howa menzili (8,49) jemledi.
Iň ýaramaz howa menzili 5,35 bal bilen 239-njy orny eýelän Tunis-Karfagen howa menzili boldy. Bu sanawda alty baldan az alan ýeke-täk howa menzilidir.


25.06.2026 23:36
5.6k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......