ÝUNESKO Awstriýadaky demirýol menzilini dünýäniň iň owadan wokzaly diýip ykrar etdi

  • 16.12.2024 22:41
  • 8k+

Awstriýanyň Zalskammergut sebitinde ýerleşýän Sankt-Wolfgang şäherçesiniň demirýol stansiýasy dünýäniň iň owadan wokzaly hökmünde ÝUNESKO-nyň Wersal baýragyny aldy. Bu barada Awstriýanyň Der Standard gazeti habar berýär.

Stansiýa şäheriň merkezini (deňiz derejesinden 542 m) Şafberg dagynyň depesi (1782 m) bilen birleşdirýän insiz dişli demir ýolunyň ýolagçylaryny kabul edýär. 1893-nji ýylda işe girizilen bu ugur Ýokarky Awstriýa federal ýerinden başlap, Zalsburgda tamamlanýar.
Wokzalyň 2023-nji ýylda gurlan täze binasy döwrebap dizaýn bilen tapawutlanýar. Binagärler agaç, aýna we polat ulandylar, panorama penjireleri bolsa Wolfgangze kölüne tarap ajaýyp görnüşi açýar. Binanyň aýratynlygy gurşap alýan tebigat bilen sazlaşýan tolkun görnüşli üçekdir.
ÝUNESKO-nyň Wersal baýragy 2015-nji ýylda döredildi we binagärlikde hem dizaýnda gazanylan üstünlikler üçin berilýär. Ol binagärlik desgalarynyň dürli kategoriýalaryny: wokzallary, howa menzillerini, muzeýleri, sport desgalaryny, söwda merkezlerini, myhmanhanalary we restoranlary gurşap alýar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......