Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig Türkmen” kompaniýasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

  • 16.12.2024 08:02
  • 7.6k+

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig Türkmen” kompaniýasynyň Baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işewür öz wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi, işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar we geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig Türkmen” kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny, şu geçen döwürde bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk işlerinde döwrebap serişdeleriň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Işewür bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurduň gurluşyk we senagat kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant bolýandygyny duýmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belläp, Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde özlerine ynanylan gurluşyk işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem A.Reşow duşuşygyň dowamynda wekilçilik edýän kompaniýasynyň häzirki döwürde ýerine ýetirýän gurluşyklary we geljekde alnyp barylmaly işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......