Özbegistanyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 14.12.2024 09:32
  • 3k+

13-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowdan ynanç hatyny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde, iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Munuň özi yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak bolmadyk döwrüň dowamynda biziň ýurtlarymyza syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykmaga mümkinçilik berdi.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň, köpasyrlyk ýörelgeleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......