Özbegistanyň Prezidentiniň ýörite wekiline Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy

  • 13.12.2024 16:05
  • 10k+

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistanyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Sylaglamak dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
A.Kamilow şeýle hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.
R.Meredow dabaraly ýagdaýda A.Kamilowa däbe öwrülen türkmen donuny we ak telpegi geýdirdi. Şeýle hem myhmana degişli şahadatnamalar we nyşanlar gowşuryldy.

A.Kamilow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen bu ýokary sylaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Diplomat köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynam bildirdi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......