Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Gökdepe metjidinde sadaka berildi

  • 12.12.2024 12:31
  • 28k+

11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Biz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapary amala aşyrdyk. Halkymyzda “Ýagşy işler asylly däp-dessurlardan başlanýar” diýlişi ýaly, doganlyk ýurda saparymyzyň ilkinji pursatlarynda bize Mekgä baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmek, iki rekagat namaz okamak miýesser etdi diýip, hajy Arkadagymyz belledi.
Ol ýerde halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşynyň elmydama rowaçlanmagy, ýurdumyzyň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegi, geljek ýylyň rysgal-bereketli, döwletli döwranymyzyň dowamat-dowam bolmagy barada ýagşy doga-dilegler edendigini aýdyp, hajy Arkadagymyz şu gün hemmeler bilen bilelikde sadaka berilýändigini, halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, ýörite dessurlaryň berjaý edilýändigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. 


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......