Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 11.12.2024 13:26
  • 8.2k+

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.

Ýaşuly nesilleri sylamak, eliňden gelse zyýapat etmek, hiç bolmanda, ýagşy söz bilen göwnüni götermek belent adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli däp-dessurlary berjaý etmek, agzybirligi, asudalygy berkitmek meseleleriniň ähmiýetine ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow bu asylly kadalaryň dowamat-dowam bolmagynyň türkmen halkynyň asyrlary nazarlaýan ýoluna ýagtylyk çaýýandygyny, ilimize rysgal-bereket bagyşlaýandygyny nygtady.

Mejlisiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlardan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan gowşuryldy.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......