Daniýanyň täze ilçisi Mejlisde Daşary işler ministrliginde duşuşyklary geçirdi

  • 11.12.2024 10:22
  • 2.2k+

10-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýesper Wardan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Diplomata okgunly durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek babatda Mejlisiň alyp barýan işi barada gürrüň berildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Daniýa Patyşalygynyň ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda parlament derejesinde, iri halkara guramalaryň ugry boýunça, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine ýokary baha berdi.
Şol gün ilçi
 Ýesper War şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşyk geçirdi.
Daniýanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini Moskwa şäherindäki rezidensiýasyndan alyp barar.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......