Braziliýanyň ilçisi Türkmenistanyň wekiliýetini COP30 sammitine gatnaşmaga çagyrdy

  • 11.12.2024 10:09
  • 1.7k+

10-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna Biatodan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we iri möçberli taslamalar barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de ol milli parlamentiň alyp barýan işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň, Türkmenistan bilen Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasyndaky dialogyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine ýokary baha berip, döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmalary beýan etdiler.
Ilçi Marsel Fortuna Biato türkmen-brazil gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ilçi Marsel Fortuna Biatonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ilçi Marsel Fortuna Biato geljek ýyl Braziliýada geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatynyň (COP30) ähmiýetini aýratyn belledi we Türkmenistanyň wekiliýetini oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Braziliýanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini  Astana şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


şu gün 18:57
352

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
950

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
981

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......