Niderlandlarda demir gözleýji ulanylyp, wikingleriň döwrüne degişli seýrek duşýan tapyndy ele salyndy

  • 10.12.2024 09:00
  • 5.8k+

Niderlandlardan bir höwesjeň Witmarsum şäheriniň golaýyndaky ekin meýdanlarynda wikingleriň döwrüne degişli seýrek duş gelinýän tapyndyny ele saldy. Ol tapyndy ýabany ýekegapanyň şekili bilen bezelen we X asyra degişli gylyçdyr.

Bu barada Friz akademiýasynyň metbugat beýanatyna salgylanyp, “Fox News” habar berýär.
Sander Wisser demir gözleýän (detektor) bilen ekerançylyk ýerlerini gözden geçireninde gylyjyň bir bölegini tapdy. Enjam duýduryş sesini aldy. Kiçijik çukur gazandan soň, Wisser gylyjyň sapyny bezeýän elementi tapdy.
Taryhçy Nelleka Eýssennagger-wan der Plýuýmyň pikiriçe, bu tapyndy sebit üçin özboluşlydyr. Ýabany ýekegapanyň kelleleriniň gylyjyň sapynda şekillendirilmegi wiking medeniýetinde güýçlüligi we gaýduwsyzlygy aňladýardy. Şeýle-de ol şekil goranmak we söweş bilen baglanyşyklydyr.
Tapyndy Frisiýa bilen Wikingleriň arasyndaky taryhy baglanyşyklary görkezýär we gözleg üçin täze mümkinçilikleri açýar. Tapyndy barada goşmaça maglumatlary 2025-nji ýylyň ahyrynda hödürlenmek meýilleşdirilýär diýip, rambler.ru ýazýar.


şu gün 11:37
2.2k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

şu gün 11:21
1.5k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

şu gün 10:36
998

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

düýn 23:05
2.1k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......