Marsdaky Asidaliý düzlüginde ýaşaýyş üçin şertler bar - alymlar

  • 10.12.2024 08:53
  • 7.3k+

Barselona uniwersitetiniň alymlary Marsyň demirgazyk ýarym şaryndaky giňligi 2896 km bolan düzlügiň geljekde Ýerden daşardaky ýaşaýyş üçin esasy gözleg meýdançasy bolup biljekdigini aýtdylar. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Gözlegçileriň pikiriçe, Asidaliý düzlügi diýlip atlandyrylýan sebitiň topragynda keseki mikroorganizmleriň bolmagy we köpelmegi üçin ýeterlik mukdarda suw, ýylylyk hem energiýa bar.

Alymlar: "Bu geljekki missiýalar üçin Marsyň üstünde ýaşaýyş-durmuşy gözlemek üçin geljegi uly bolan sebitdir" diýip bellediler.

Gözlegçiler indiki ädim hökmünde, ýaşaýşyň bu düzlükde döräp biljekdigini ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin buraw işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, degişli tehnologiýalaryň ýoklugy sebäpli häzirlikçe şular ýaly gözlegleriň goýbolsun edilmeli boljakdygyny bellediler.
Bu ýagdaýda edilen açyş has köp gözlegler üçin esas bolup biler. Şeýle-de Gyzyl planetanyň atmosferasynda metanyň barlygy baradaky jedelleri çözmäge hem kömek eder diýip, rambler.ru ýazýar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....