Hytaýda göze görünmeýän mantiýa üçin material döredildi: ol toksuz işleýär

  • 08.12.2024 10:40
  • 5.4k+

Hytaýyň elektron ylymlary we tehnologiýa uniwersitetiniň (UESTC) alymlary daş-töwerekdäki reňke uýgunlaşyp bilýän innowasion materialy hödürlediler. Ol daşky iýmitlendiriş çeşmesi bolmazdan işleýär. Taslamanyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, şeýle materialdan taýýarlanan geýim “adamy göze görünmeýän edip biler” diýip, TechSpot belleýär.

Täze oýlap tapyş barada Science Advances žurnalynda gürrüň berilýär.
Täze material molekulýar birleşmelere ýagtylygyň täsiri astynda gurluşyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän “öz-özünden ýagdaýa sazlanýan fotohromizm” (SAP) tehnologiýasyna esaslanýar.
Tehnologiýanyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin ylmy gözlegçiler dury konteýneri SAP ergini bilen dolduryp, ony dürli reňkli dury akril gutularyna ýerleşdirdiler. Netijede, ergin öz töweregindäki reňke uýgunlaşyp, reňkini üýtgetdi.
Şeýle-de, synaglaryň dowamynda material tebigy gurşawyň şertlerinde 30-80 sekuntda reňkini üýtgetmek ukybyny görkezdi. Ylmy gözlegçiler obýektleri görünmez ýaly etmek üçin pürkülýän örtükleri-de işläp taýýarladylar.
Döredilen material -20-den 70°C-a çenli temperatura çydamak bilen adatdan daşary şertlerde ulanmak üçin laýyk gelýär. Alymlar onuň modada, harby ugurda we gurluşykda peýdaly bolup biljekdigini belleýärler. Işläp taýýarlama çylşyrymly elektronikany ulanmazdan “gizleýji” tehnologiýalary döretmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......