Elektrik bilen beýniniň gyjyndyrylmagy: Alymlar ysmaz adamlaryň ýöremek ukybyny dikeltdiler

  • 06.12.2024 15:50
  • 5.6k+

Şweýsariýaly alymlar gipotalamusyň çuňňur gyjyndyrmasy esasynda ysmaz keselini bejermegiň usulyny oýlap tapdylar. Bu usul birnäçe ýyl ýöremedik hassalarda ýöremek ukybyny dikeltmäge mümkinçilik berdi.

Adatça, Parkinson keselini ýa-da sandyrama ýaly hereket bozulmalaryny bejermek üçin elektrik gyjyndyrmasy ulanylýar. Ýöne täze gözlegler oňurga ýiliginiň şikeslerinden gutulmagyň hasda netijeligini görkezdi.
Synag iki hassanyň gatnaşmagynda geçirildi. Şolardan biri 54 ýaşyndaky awstriýaly Wolfgang Ýagerdir. Ol 2006-njy ýyldan bäri maýyplar arabasyny ulanýar. Elektrodlar gurlansoň, ol ýöräp, gündelik işleri täzeden ýerine ýetirip bildi. Gözlegçiler onuň oturgyçdan turup, basgançaklardan özbaşdak ýöräp barşyny wideo aldylar.

"Elektrod oturdylyp, gyjyndyrma işjeňleşdirilen badyna ilkinji näsag derrew: "Men aýaklarymy duýýaryn" diýdi. Gyjyndyrmany artdyranymyzda, ol: "ýöremek isleýärin!" diýen sözleri dile getirdi. Bu adamlarda aýak gözegçiligi bilen baglanyşyklydyr öýdülmedik hem bolsa, dogry sebiti saýlandygymyzy görkezýär" diýip, alymlar aýtdylar.

Netijeler elektrik gyjyndyrma öçürilenden soňam täsiriň dowam edýändigini görkezdi. Alymlar oňurga implantalaryny goşmak bilen, bu usulyň beýleki tehnologiýalar bilen utgaşmasyny öwrenmegi meýilleşdirýärler.
Bu gözleg “Nature Medicine” žurnalynda çap edildi diýip, naked-science.ru ýazýar.


düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......