Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy

  • 05.12.2024 09:51
  • 6.2k+

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäheriniň Patyşa Halid adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň geçirilýän ýerine — “The Ritz-Carlton” myhmanhanasyna bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Bütindünýä bankynyň başlygy Ajaý Banga garşylady.
Döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemlän sammitiň gün tertibine bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze çözgütleri kabul etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de şu gezekki duşuşygyň suw serişdeleriniň ählumumy dolandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi — halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir. Ikinjisi — özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler. Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we suw bilen bagly başlangyçlara Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynyň olaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur alynmalydyr diýip, bu möhüm meselede beýan eden garaýyşlary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň hem-de sammite gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Türkmenistanyň alyp barýan suw diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň nusgalykdygyny belledi.
Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna öz goşandyny goşmaga ygrarlydygyny we bu ugurda başlangyçly çykyş edýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Türkmenistana ugrady.


düýn 22:16
2.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

düýn 21:24
478

Türkmen wekiliýeti Bangkokda geçirilýän UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň......

düýn 09:32
1.7k+

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Antalýada «Geljegi meýilleşdirmek,......

düýn 08:00
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......