Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna iş saparyny mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady

  • 05.12.2024 09:43
  • 24k+

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen bardy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iki rekagat namaz okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin doga-dileg etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinden sammitiň geçirilýän ýerine tarap ugrady.


düýn 18:04
3.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......