Arheologlar rim ýadygärlikleriniň anglo-sakson nusgasyny tapdylar

  • 04.12.2024 14:49
  • 2.2k+

Iňlis arheologlary Angliýanyň Norfolk sebitindäki Attleboro şäheriniň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde b.e. V-VI asyrlaryna degişli adaty bolmadyk gymmatly tapynda gabat geldiler. Bu tapyndy 393-nji ýyldan 423-nji ýyla çenli Günbatar Rim imperiýasyny dolandyran imperator Gonoriýanyň döwründen bäri "solidus" diýlip atlandyrylýan rim teňňesi görnüşindäki maýatnikdir. Bu barada "Live Science" portaly habar berýär. 

Alymlaryň pikiriçe, maýatnikiň öň tarapynda bezegde Gonoriýanyň şekili, arka tarapynda bolsa, bir elinde harby standart bolan we kiçijik hudaý Nike (Rimiň ýeňiş nyşany) bar.
Gözlegçiler tapylan bezegiň özboluşly bolandygyny bellediler. Olary butparaz iňlis-saksonlar ýasapdyrlar, ýöne olaryň nusga hökmünde alan teňňesi hristian Rimine degişlidir.
Mundan başga-da, şol döwürde iňlis-sakson taýpalarynyň doly ösen ýazuw ulgamy ýokdy, şonuň üçin önüm gaty geň ýazgylar bilen bezelipdir.
Imperator Gonoriýanyň döwründen galan hakyky Rim solidusy latynça “RESTITVTOR REIPVBLICAE”, ýagny “Respublikany dikeldiji” manysyny berýär. Näbelli iňlis-sakson ussalary bu ýazgyny "STITVTOR EIPVBLICAE" görnüşinde köpeldip, käbir harplary taşlap, başgalaryny garyşdyrypdyrlar, şonuň üçin habaryň manysy ýitipdir.
Arheologlar ýazuwlaryň iňlis-saksonlary biynjalyk etmeýändigini, sebäbi olaryň Rim pullaryny galplaşdyrmak islemeýändiklerini, ýöne aýratyn şaý-sepler döretmek isleýändiklerini aýtdylar. Şeýle-de şaý pulda bag ýa-da zynjyr üçin altyn aýlaw halka görkezilýär diýip, rambler.ru ýazýar.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......