Müsürde Lýuksoryň golaýynda gaýany ýonup gurlan gadymy ybadathana tapyldy

  • 02.12.2024 22:22
  • 5.2k+

Germaniýaly we müsürli arheologlar Lýuksordan uzak bolmadyk bir ýerde gaýany ýonup gurlan gadymy ybadathanany tapdylar. Bu toplum b.e. öňki II asyrda ýaşap geçen Ptolemeý VIII-iň döwrüne degişli diýip, Phys.org ýazýar.

Týubingen uniwersitetiniň arheologlary Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi bilen bilelikde Lýuksordan 200 km uzaklykda gadymy ybadathananyň girelgesini tapdylar. Bu ýerdäki gazuw-agtaryş işleri 2012-nji ýyldan bäri dowam edýär, ybadathanada işjeň barlaglar bolsa 2022-nji ýylda başlandy.
Mukaddes ýer faraonyň arslan kelleli Repit we onuň ogly Kolant üçin gurban berýän pursadynyň relýefi bilen bezelipdir. Ieroglifler ybadathananyň Ptolemeý VIII döwründe gurlandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi.
Ybadathana toplumy bölekleýin weýran bolupdyr. Birwagtlar girelgäniň agzyndaky  diňleriň boýy 18 metre ýetipdir. Toplumyň umumy ini bolsa 51 metre ýetýär. Minaralaryň birinde arheologlar uzynlygy 6 metr we ini 3 metr bolan otagy tapdylar. Onda ybadathananyň goşlary we amfora küýzeler saklanypdyr.
Şeýle hem barlagçylar ýokarky gata çykylýan basgançagy we ybadathananyň bir bölegini weýran eden hennek köwmek işleriniň geçirilen senesini anyklamaga  mümkinçilik beren teňňäni tapdylar. Ol 752-nji ýylyň yzýanyndaky döwri görkezýär.


19.06.2026 19:49
4.4k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......