Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

  • 02.12.2024 11:24
  • 4.4k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi.

Hususan-da,

  • Ýylda iki gezek geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 2025-nji ýyldaky soňky mejlisini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi;
  • Geljekde geňeşi “Ýaşulular geňeşi” diýip atlandyrmagy;
  • Bu düzümiň “Hormatly il ýaşulusy” diýen sylagyny we onuň nyşanyny döretmegi;
  • Geňeşi halkara derejedäki gurama diýip ykrar etmegi;
  • Geňeşiň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüniň dowamynda “Zaman” gazeti barada nygtap geçdi.

“Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......