Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýada Binali Ýyldyrym bilen gepleşikleri geçirdi

  • 02.12.2024 09:48
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de nobatdaky mejlisiň dowamynda Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň ähmiýetini belledi. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işini ilerletmäge, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, B.Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyza Aksakgallar geňeşiniň işine işjeň gatnaşýandygy hem-de doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, halklarymyzyň dil, medeniýet we ruhy taýdan umumylygynyň döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......