Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygyny täze kitabynyň çykmagy bilen gutlady

  • 30.11.2024 11:15
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy gutlady.

"Baý many-mazmunly bu kitabyň dürli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýaryn. Mundan beýläk-de Siziň galamyňyz ýiti, döredijilik äleminde gadamyňyz dowamat-dowam bolsun! Täze kitabyňyzyň höwri köp bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan beýik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýlip, metbugatda çap edilen gutlagda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, bu kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilipdir.

"Ol bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek gymmatly eserdir" diýip, döwlet Baştutany nygtaýar.


şu gün 10:10
876

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......