Parižde Türkmenistanyň gatnaşmagynda halkara sergilere taýýarlyk işleriniň gidişi maslahatlaşyldy

  • 30.11.2024 11:05
  • 2.6k+

Ilçi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýewden, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowdan, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilinden ybarat türkmen wekiliýeti Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäräniň gün tertibine laýyklykda ýetip gelýän halkara sergilerine taýýarlyk işleriniň gidişi barada wekiliýetleriň hasabatlary diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BIE-niň Baş sekretary D.Kerkentzes bilen gysga wagtlaýyn duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň çäginde Türkmenistanyň guramanyň Dolandyryş we býujet komitetine agzalygy bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekilleri biziň ýurdumyzyň BIE bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.
D.Kerkentzes hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we BIE sekretariatynyň netijeli bilelikdäki işini dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......