BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 28.11.2024 17:47
  • 2.3k+

27-nji noýabrda daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt bilen duşuşdy diýip, daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ulag pudagynda köptaraplaýyn çemeleşmeleri öz wagtynda işläp taýýarlamakdaky orny aýratyn bellenildi.
Taraplar ýol-ulag hadysalaryny azaltmagyň oňyn depginine we Türkmenistan tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligine, şol sanda häzirki zaman ýollaryň gurulmagyna, awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň ýol düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligiň güýçlendirilmegine we beýlekilere aýratyn ünsi çekdiler.
Söhbetdeşler durnukly ösüş üçin esas hökmünde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen howpsuz we inklýuziw ulag infrastrukturasyny döretmek ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......