Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

  • 28.11.2024 00:26
  • 6.5k+

27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Žan Todt Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen geldi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollar gurlup ulanmaga berilýär. Muňa mysal edip, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny görkezmek bolar. Şeýle hem 2022-nji ýylda “Durnukly ulagyň dostlary topary” döredildi. Topar durnukly ulag ulgamynda köptaraplaýyn dialogy ösdürmäge ýardam berýär.
Žan Todt öň 2013-nji ýylda we 2016-njy ýyllarda Türkmenistana sapar bilen gelipdir.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......