Türkmen tarapy ADNOC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýar - Serdar Berdimuhamedow

  • 26.11.2024 11:37
  • 2.7k+

25-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir. Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, geografik taýdan amatly ýerleşmegi türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutany BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen, şol sanda maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOС) bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady diýip, TDH habar berýär.


şu gün 16:45
333

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....