Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamlap, ony Türkmenistanyň Prezidentine sowgat iberdi

  • 26.11.2024 11:15
  • 12k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlap, «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazyp tamamlady we onuň ilkinji nusgasyny sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidentine iberdi.

Resmi metbugatda çap edilen hatda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow bu kitabyny "öz oý-pikirlerimi jemläp, ençeme maglumatlary seljerip, halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlap ýazypdyr".

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýşiňiz ýaly, halkymyz ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna uly gyzyklanma bildirilýär, ýurdumyzyň döwletli döwranyna, ösüşli gadamlaryna ýokary baha berilýär.
Biziň taryhy ýadygärliklerimiz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz umumadamzat medeni genji-hazynasyndan uly orun alýar, halkara ykrarnama eýe bolýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem bu ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem her bir türkmenistanly üçin uly bagtdyr. Bu üstünliklerimizi beýan etmek bolsa meniň üçin uly mertebedir" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtaýar.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......