Londonda adaty bolmadyk ýygnak: Dünýäniň iň uzyn boýly zenany iň kelte boýly zenan bilen çaý içdi

  • 25.11.2024 23:02
  • 24k+

Beýik Britaniýanyň paýtagtynda fiziki aýratynlyklary boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iki sany üýtgeşik zenan bir käse çaýyň başynda duşuşdylar. 27 ýaşly Türkiýäniň ýaşaýjysy Rumeýsa Gelgi (boýy 215,16 sm) we Hindistandan 30 ýaşly aktrisa Joti Amji (boýy 62,8 sm) umumy temalar we güýmenjelar barada özara pikir alyşdylar.

Iki sany rekord (boýlary üçin) eýesiniň duşuşygy Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan bu guramanyň 70 ýyllygyny mynasybetli guraldy.
Rumeýsanyň adaty bolmadyk uzynlygy, seýrek genetiki näsazlyk bolan "Weaver" sindromynyň netijesidir. Saglyk ýagdaýy sebäpli aýlanmak üçin maýyplar oturgyjyny we pyýada ýörelgesini ulanýar. Ol doglan gününden bäri birnäçe gezek operasiýa edildi, bäş ýaşynda ilkinji gezek gezelenjiň kömegi bilen ýöremegi başardy. Saglyk meseleleri sebäpli öýünde okady. Rumeýsa "Weaver" sindromynyň aýratynlyklary barada işjeň gürleýär we sosial ulgamlarda öz tejribesini paýlaşýar.
Jotiniň gysga boýy, "kıkyrtyk" dokumasynyň emele gelmeginiň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän genetiki kesel bolan akondroplaziýanyň netijesidir. Bu hindi zenanyny asla biynjalyk edenok - filmlerde işjeň hereket edýär we beýleki zatlar bilen bir hatarda “Amerikanyň gorkunç hekaýasy” teleserialynda-da oýnady. Bu hem ony taryhdaky iň gysga aktrisa etdi.


Bu zenanlaryň boýunyň arasyndaky tapawudy 152.36 sm ýetýär, muňa garamazdan, olar tiz umumy dil tapdylar.

“Men özümden uzyn adamlary görýärdim, ýöne şu gün dünýäniň iň uzyn boýly zenanyny görüp begendim. Rumeýsa bilen tanyşanyma begenýärin, onuň häsiýeti gowy, men onuň bilen gürleşmekden lezzet aldym (rahatlyk duýdum)" diýip, Amji paýlaşdy.

Gelgi adatydan üýtgeşik adamlary öz pikirlerini aýtmakdan gorkmazlyga ruhlandyrjakdygyny aýtdy. "Men adamlaryň adatydan üýtgeşik bolmagyň gowudyny görmegini isleýärin" diýip, türk zenany aýdýar.

Duşuşygy guraýjylar olaryň hekaýalarynyň dünýädäki millionlarça adama ylham berýändigini bellediler.

Joti Amji ozal Türkiýede ýaşaýan dünýäniň iň uzyn adamy Soltan Kesen bilen duşuşdy. Onuň boýy 251 sm diýip, rbc.ru ýazýar.


26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......