Marsda gözlegleri geçirýän “Curiosity” marsohody kükürt gaýalarynyň syrly meýdanyny öwrenýär

  • 25.11.2024 12:30
  • 5.5k+

12 ýyldan gowrak wagt bäri Marsda gözleg işlerini geçirýän “Curiosity” Gediz Wallis kanalynda adaty bolmadyk kükürt daşlaryny tapdy. NASA-nyň alymlary gaýalar bilen doldurylan kanalyň panoramik görnüşini çap etdiler, ýöne bu tapyndylaryň gelip çykyşyny entek düşündirip bilmeýärler diýip, Space.com ýazýar.

Alymlaryň pikiriçe, bu kanal gadymy derýa düýbi ýa-da süýşmegiň netijesi bolup biler.
Panoramik wideoda kükürt daşlary bellendi. Marsyň üstünde gözlegleri geçirýän enjam bu ak reňkli gaýalaryň birini öwrüp, içindäki sary kükürt kristallaryny açyp, döwüp bildi.
Ýer ýüzünde kükürt adatça gyzgyn çeşmelerden we wulkanlardan gelýär, ýöne Marsda heniz-ä beýle görnüş tapylmady.

“Kükürt meýdanyny ýokarky we gapdal tarapdan gözden geçirdik, kükürt bilen garylan islendik zady gözledik, bu onuň nähili emele gelendigi barada maglumat berip biler. Köp maglumatlary ýygnadyk, olaryň arasynda indi çözülmeli gyzykly bir enigma bar " diýip, “Curiosity” taslamasynyň alymy Aşwin Wasawada aýtdy.

Marsda gözlegler üçin hereket edýän enjamyň indiki maksady "guty" diýilýän web ýaly nagyşly meýdan bolar. Bu emele gelişler Şarp dagynyň çatryklarynda duzly suwuň hereketi bilen ýüze çykan bolmagy mümkin diýip, focus.ua ýazýar.

“Bu gerişlerde ýeriň aşagynda kristallaşan minerallar bar. Belki, ol ýerde duzly suwuk suw akandyr. Irki mikroblar şeýle şertlerde ýaşap bilerdi. Şeýlelik bilen bu gözleg üçin tolgundyryjy ýer" diýip, alym Kirsten Zibah belleýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....