Hytaý Aýa adamyň gonuşynyň nähili boljakdygyny wideo arkaly görkezdi

  • 23.11.2024 20:18
  • 9.7k+

Hytaýyň milli kosmos dolandyryş gullugy (CNSA) ýurduň kosmos giňişliginde bolup geçen soňky wakalaryny görkezýän wideorolik paýlaşdy diýip, "Sinhua" habar berýär.

Animasiýa wideosy 21-22-nji noýabrda Şençžen şäherinde (Hytaýyň Guandun welaýaty) bolup geçen dolandyrylýan kosmonawtika akademiki simpoziumda görkezildi.
Wideoda adamyň Aýa gonmagy we kosmonawtlaryň Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünde “lunomobile” sürýändigi görkezilýär. Şeýle hem Aýda adamlaryň gonýan ýerinden başlajak üç günlük Aý üsti ekspedisiýasynyň ugry hem görkezilýär.
Hytaýda işlenilýän Aý missiýasy adamyň uçuşlaryny Ýer-Aý-Ýer görnüşinde meýilleşdirip, Aýyň üstünde gysga möhletli bolmak we adamyň robot bilen bilelikdäki gözlegleri ýaly esasy tehnologiýalary özleşdirmäge gönükdiriler. Bu wezipe toprak nusgalaryny ýygnamagy hem öz içine alýar.
Ol 2030-njy ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýär diýip, naked-science.ru ýazýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....