Ylmy barlag: nauşnikleriň günde 4 sagatdan köp ulanylmagy beýni üçin zyýanly

  • 20.11.2024 13:06
  • 5.2k+

Nauşnikleriň günde dört sagatdan köp ulanylmagy beýnide düzedip bolmajak üýtgeşmelere getirip biler. Muny Melburn newrologiýa institutynyň we Stenford uniwersitetiniň alymlary kesgitledi. Ylmy gözlegiň netijeleri The Lancet žurnalynda neşir edildi diýip, Report.az habar berýär.

Ylmy barlaga 18-den 35 ýaş aralygyndaky 1800 meýletinçi gatnaşdy. Olar nauşnikleri nähili ýygylykda ulanýandyklaryny aýdyp, öz saglyk ýagdaýlary barada anketany doldurdylar.
Netijede, nauşnikleriň uzak wagtlap ulanylmagynyň (günde dört sagatdan köp) ünsi jemlemekde kynçylyklaryň ýüze çykmagy, howsalalygyň güýçlenmegi we ukynyň hiliniň peselmegi bilen baglanyşyklydygy kesgitlendi. Alymlar sesleriň yzygiderli täsir etmeginiň beýnide maglumaty işlemek prosesine täsirini ýetirýändigini we munuň akyl ýetiriş funksiýalarynda üýtgeşmelere getirýändigini düşündirdiler.
Ylmy gözlegçiler käbir ýagdaýlarda netijeleri yzyna gaýtaryp bolmajakdygyny duýdurýarlar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......