Emeli hemralaryň orbitadaky “ömrüni” uzaltmaga kömek etjek robot eller döredildi

  • 19.11.2024 12:05
  • 2.6k+

Aerokosmos pudagynyň iri kompaniýasy bolan Northrop Grumman-yň golçur kärhanasy SpaceLogistic 2026-njy ýylda geostasionar orbitada emeli hemralara hyzmat etmek üçin Mission Robotic Vehicle (MRV) apparatyny uçurmagy meýilleşdirýär. Onuň esasy wezipesi – takmynan, 36,000 kilometr belentlikdäki emeli hemralaryň işleýiş möhletini uzaltmak.

“Space News-yň” habar bermegine görä, enjamyň esasy bölegi ABŞ-nyň Harby-deňiz barlag laboratoriýasy (NRL) tarapyndan işlenip düzülen robot manipulýatorlary bolar. Bu enjamlar termowakuum synaglaryndan üstünlikli geçip, integrasiýa etmek üçin berildi.
Häzirki wagtda geostasionar orbitada 500 töweregi apparat bar. Her ýyl olaryň, takmynan, 10-sy tehniki näsazlyklar we könelişmek sebäpli däl-de, eýsem ýangyç ätiýaçlygynyň esli böleginiň manýowr etmek we pozisiýasyny saklamak üçin sarp edýänligi sebäpli işini bes edýär. Geostasionar hemralary döretmeklik köp zähmeti talap edýär, üstesine, gymmat hem düşýär. Mundan hem başga, gaty gitse 10-15 ýyl hyzmat edip biler. Şeýle enjamlary işledýän operatorlar üçin täzesini gurmak däl-de, bar bolan hemralaryň işleýiş möhletini uzaltmak has bähbitli. SpaceLogistic-iň umyt edýän zady hem şu. Kompaniýa eýýäm ilkinji müşderilerinden sargyt aldy.
Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin MRV MEP enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Ýangyç ätiýaçlykly “torbalar” görnüşindäki bu modullar, emeli hemralara robot eller arkaly birikdirilýär. Sputnikiň dolandyryşy MEP-e geçirilýär we şu hem onuň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär.
Täze tehnologiýa arzan we has amatly bolar, sebäbi robotlaşdyrylan manipulýatorlar  dürli gurluşly hemralar bilen işläp biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....