Windows üçin ChatGPT programmasy indi ähli ulanyjylara elýeterli boldy

  • 19.11.2024 08:21
  • 1.4k+

Windows üçin emeli aňa esaslanýan ChatGPT programmasy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Öň bu programmany diňe hyzmata tölegli ýazylanlar ulanyp bilýärdi. ChatGPT programmasyny Microsoft Store dükanyndan ýükläp almak bolýar. 

Görnüşi ýaly, Windows üçin ChatGPT programmasy köp ýagdaýda Android wersiýasyna meňzeýär, ýöne desktop programmada köp mukdarda tekst girizmek we surat goşmak has amatlydyr. Programma faýllary ýüklemek we internete girmek ýaly birnäçe esasy funksiýany öz içine alýar. Ony çalt işe girizmek üçin bolsa Alt + Space klawişasy göz öňünde tutuldy.
Programmanyň esasy aýratynlyklarynyň biri beýleki programmalardaky işden ünsüňi sowmazdan, ses arkaly programma bilen gatnaşmaga mümkinçilik berýän ses režimi boldy. Bu funksiýa 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda çykyp, diňe Plus, Team, Edu we Enterprise nyrhnamalaryny ulanyjylar üçin elýeterli bolan başlangyç wersiýadan soň peýda boldy.
Ýöne hyzmat bilen mugt aragatnaşyk saklamak prosesi beýleki platformalar üçin niýetlenen ChatGPT-de bolşy ýaly çäklendirilendir. Bellenilen çäge mugt ulanyjy bary-ýogy birnäçe minutda ýetip biler.
Aýda nyrhnama üçin 20 dollar we ondan hem köp töleýän ChatGPT-niň premium ulanyjylary üçin Windows wersiýasy has peýdaly bolar. Çat-botuň desktop görnüşinde iş stolunda aýratyn penjiräniň bolmagy iş prosesini we programma bilen aragatnaşygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......