Ýerde iň gadymy janly organizmleriň biri tapyldy: bu 47 müň agaçdan ybarat tokaý

  • 15.11.2024 15:31
  • 11k+

Amerikaly alymlar Ýerde iň gadymy janly organizmleriň birini tapdylar – bu ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky Pando klonal tokaýydyr. Ylmy gözlegçiler tokaýyň soňky buz eýýamyndan has öň bir nahaldan ösüp başlandygyny we onuň ýaşynyň 16 müňden 80 müň ýyla çenli bolup biljekdigini çaklaýarlar diýip, Science Alert neşiri habar berýär.

Klonal tokaý diýlip, genetik taýdan birmeňzeş we umumy kök ulgamy bilen baglanyşykly agaçlardan ybarat özboluşly ekoulgam atlandyrylýar. Pando iň belli mysallaryň biri hasaplanýar. Bu tokaý, takmynan, 47 müň osina şekilli derek agaçlaryndan (Populus tremuloides) ybarat bolup, olaryň hemmesi bir “asyl” agajyň klonlarydyr.
Klonal tokaýlar tohumdan däl-de, wegetatiw usul, ýagny kökden urup çykan ösüntgiler arkaly köpelýär. Bu olara genetik meňzeşligini müňlerçe ýyllaryň dowamynda saklamaga mümkinçilik berýär.
Pandonyň ýaşyny kesgitlemek üçin ylmy gözlegçiler 43 gektar meýdanda onuň kökleriniň, ýapraklarynyň we gabyklarynyň ýüzlerçe nusgasyny aldylar. Nusgalarda 4 müň töweregi genetik üýtgeşmäni ýüze çykaran DNK yzygiderliligi geçirildi. Ylmy gözlegiň reprinti BioRxiv portalynda ýerleşdirildi.
Alymlar Pandonyň klonlaşdyrmagyň hasabyna öz genomyny üýtgeşmesiz diýen ýaly saklandygyny, sebäbi onuň kök ulgamynyň beýleki görnüşler bilen garyşmaga ýol bermeýändigini we organizmiň diňe bir kök gurluşy bilen baglanyşykly nusgalaryny öndürýändigini belleýärler.
Şol bir wagtyň özünde, Pando – ýeke-täk klonal organizm däl. Ortaýer deňzinde Formentera adasynyň kenarlarynda (Ispaniýa) deňiz oty Posidonia oceanica ösýär. Onuň ýaşy, käbir hasaplamalara görä, 200 müň ýyla ýetip biler.
Alymlar Pandonyň tiz wagtdan üç aýratyn organizme bölünmeginden howatyrlanýarlar. Üstesine-de, tokaý adamlar we haýwanlar tarapyndan kem-kemden ýok edilýär, şonuň üçin oňa täze baldak çykarmak barha kyn bolýar. Hünärmenler tokaýyň halas edilmegine we onuň müňýyllyklaryň dowamynda ösmegini dowam etdirmegine umyt edýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....