Arheologlar balyk tutmagyň gadymy syrlaryny açýan daş plitalary tapdylar

  • 11.11.2024 20:58
  • 7.8k+

Nemes arheologlary Gönnersdorfdaky paleolit döwrüne degişli şäherçede birnäçe açyşlaryň edilendigini habar berdiler. Olar ýüzünde tora düşen balyklary şekillendirýän daş plitalary tapdylar. Bu suratlar, takmynan, 15 müň 800 ýaşly bolup, gadymy adamlaryň eýýäm şol wagtlar balyk tutmak tehnologiýasyna eýe bolandygyny görkezýär. Bu barada Science News habar berýär.

Gözlegleriň dowamynda alymlar üsti açylan 406 daş plitanyň sekiz sanysynda balyklaryň we torlaryň nagyşlaryny kesgitlediler. Arheologlar «Reflectance Transform Imaging» (RTI) ýaly ösen şekillendiriş tehnologiýalaryny ulanyp, bu tapyndylary jikme-jik öwrenip bildiler.
Bu açyş Magdaleniýa medeniýeti döwründe, takmynan, 17,000–12,000 ýyl ozal balyk torlarynyň bardygyna ilkinji subutnama boldy.
Alymlaryň pikiriçe, plitalaryň ýüzündäki suratlar diňe bir keşbi däl, eýsem balyk tutmagyň ýagdaýyny hem tutulan balygyň tordaky şekilini görkezýär. Bu şekilleriň minimalistik stili olary beýleki ýabany tebigat sahnalaryndan tapawutlandyrýar. Şeýle-de ol şäherçäniň ýaşaýjylary üçin balyk tutmagyň aýratyn ähmiýetini alamatlandyrýar.
Bu ýerde tapylan balyk galyndylary, balyk tutmagyň ýerli jemgyýetleriň iýmitlenişiniň möhüm bir bölegidigini we torlaryň köpçülikleýin balyk göçýän döwürlerinde torlaryň işjeň ulanylyp bilinjekdigini tassyklaýar.
Arheologlar balyklaryň we torlaryň şekillerinden başga-da, geýnen adamlaryň oýulan şekillerini hem tapdylar. Bu bolsa öz gezeginde şol gadymy döwürde dokma tehnologiýalarynyň bardygyny görkezýär. Şol wagt torlar seudek ýa çitçiti ýaly ösümlik materiallaryndan ýasalan bolmagy mümkin diýip, phys.org ýazýar.


şu gün 08:10
3.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......