Ýurdumyzda Hasyl toýy bellenilip geçildi, Türkmenistanyň Prezidentine Keremli atly bedew sowgat berildi

  • 11.11.2024 13:29
  • 6.2k+

10-njy noýabrda Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Esasy baýramçylyk çäreleri Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenarynda ýaýbaňlandy.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan ýörite meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Onda ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny, gözel tebigatymyzy wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli şaý-sepler görkezildi.
Hasyl toýy mynasybetli, oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine 2021-nji ýylda doglan, Keremli atly mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewini sowgat bermek dabarasy boldy.
Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......