Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň wekili bilen COP 29-yň gün tertibini maslahatlaşdy

  • 09.11.2024 08:47
  • 2.1k+

7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Bakuda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 29-njy maslahatynyň (COP 29) gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler.
Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Jeffri Paýett Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary «Tetrotech» we «Deloitte» bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli hyzmatdaşlygyny belläp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has hem berkitmek barada ylalaşdylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......