Alymlar: tebigat adam gatyşmazdan 215 mln gektar tokaýy dikeldip bilerdi

  • 09.11.2024 08:32
  • 8.8k+

Awstraliýadan we ABŞ-dan halkara alymlar topary tokaýlaryň tebigy taýdan dikelmeginiň global mümkinçiliklerine baha bermek üçin ylmy gözleg geçirdiler. Nature žurnalynda çap edilen netijeler adam gatyşmazdan tokaýlaryň meýdanynyň 215 mln gektar ulalyp biljekdigini görkezýär, bu hem Meksikanyň territoriýasyna barabardyr.

Tokaýlaryň gaýtadan dikelmegi üçin iň amatly sebitler Günorta-Gündogar Aziýa, Malaýziýa we Hindistan boldy, bu ýerlerde 90 mln gektar tokaý gaýtadan janlanyp biler. Afrikada bu görkeziji 25,5 mln gektara deň.
Alymlar potensial dikelişiň 52%-iniň bäş ýurtda: Braziliýada, Indoneziýada, Hytaýda, Kolumbiýada we Meksikada bolup biljekdigini bellediler. Şeýle-de, azyndan 1 mln gektar täze tokaýyň ösmegi üçin 29 amatly ýurt bar.
215 mln gektar tokaý geljek 30 ýylda, takmynan, 23,4 mlrd tonna uglerod zyňyndylaryny özüne siňdirip bilerdi. Şeýle görkeziji Awstraliýa tarapyndan 50 ýylda öndürilýän bug gazlarynyň mukdaryna barabardyr.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......