Raşid Meredow ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 07.11.2024 13:45
  • 2.4k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwnin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça bäş ýyllyk strategiýasyny öz içine almak bilen ulgamlaýyn işi ýola goýmaga gönükdirilen tekliplere garadylar.
Şeýle hem söhbetdeşler «ýaşyl» şäherler, suw çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar babatynda pikir alyşdylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......