Geçirilen barlaglar çagalykda semizligiň geljekde dem alyş ýollaryň sökelliklerine getirip biljekdigini görkezdi

  • 01.11.2024 14:31
  • 7.7k+

Şwesiýanyň Karolin instituty (KI) tarapyndan geçirilen barlag çagalaryň semizliginiň olaryň dem alyş ulgamynyň ösüşine ýaramaz täsir edýändigini görkezdi. Bu barada TASS institutyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Alymlar çagalarda artykmaç agramyň öýkeniň işleýşiniň peselmegine, eger  ýetginjeklikden ozal agramy kadalaşdyrylmasa, ownuk howa ýollarynyň işlemezligine getirip biljekdigini anykladylar.

“Biziň geçiren seljermämiz ýetginjeklikden öň bedeniň agramyny kadalaşdyrmagy  başaran gatnaşyjylarda öýken sökellikleriniň güýjemändigini görkezdi. Bu çagalaryň ömrüniň ilkinji ýyllarynda hem, ýetginjeklik ýyllarynda hem dogry ösmegini  üpjün etmegiň möhümdigini görkezýär "- diýip, KI-niň professory Erik Melen belledi.

BAMSE diýlip atlandyrylan barlag taslamasyna 1994-1996-njy ýyllar aralygynda doglan, şwesiýaly 3100 çaga gatnaşdy. Netijeler, bedeniň agramynyň artmagy bilen öýkeniň howa sygymynyň peselýändigini görkezdi. Artykmaç agramdan ejir çekýän gatnaşyjylar demgysma we dowamly öýken keseli bilen baglanyşykly, aminokislotanyň gistidiniň derejesiniň ýokarlanmagyna duçar boldular.
Gyzykly tarapy, alymlar bedeniniň agramy çakdanaşa pes çagalaryň arasynda hem şuňa meňzeş näsazlyklary ýüze çykardylar. Bu distrofiýaly we ösüşiň beýleki bozulmalary bolan çagalarda sagdyn agramy saklamak üçin çäreleri işläp düzmegiň zerurdygyny görkezýär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......