Xiaomi-niň SU7 Ultra giperkarynyň önümçilik wersiýasy indi sargyt etmek üçin elýeterli

  • 01.11.2024 11:59
  • 3.7k+

Xiaomi kompaniýasy SU7 Ultra elektrik giperkarynyň tapgyrlaýyn wersiýasyny resmi taýdan hödürledi. Prototipi tomusda görkezilen täze awtomobil indi 814 900 ýuan (takmynan, 114 200 dollar) baha bilen sargyt etmek üçin elýeterlidir.

Üpjünçilige indiki ýylyň ýazynda başlamak meýilleşdirilýär.
Car News China neşiriniň habar bermegine görä, tanyşdyryş dabarasynda kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun SU7-niň kuwwatlylyk taýdan artykmaçlyga eýedigine garamazdan, Hytaýda 1 998 000 ýuan (280 müň dollar) bahadan hödürlenýän bäsdeşi Porsche Taycan Turbo GT-den ep-esli arzandygyny belledi.
Modeliň kuwwaty 1548 at güýjüne deň, aýlanma pursaty – 1770 Nm, bu hem 1,98 sekuntda tizligi 100 km/sag çenli, 5,86 sekuntda 200 km/sag çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Giperkar sagatda 350 km çenli tizlige ýetip bilýär.

Ýakynda Nýurburgringde dört gapyly awtomobiller üçin rekord goýan Xiaomi prototipinden tapawutlylykda, tapgyrlaýyn SU7 Ultra doly karbon kuzowyna eýe bolmaz, bu hem awtomobiliň agramynyň artmagyna getirer. Suratlardan görnüşi ýaly, aerodinamiki elementler hem gaýtadan işlendi: bamperleriň ikisi-de käbir detallary ýitirdi, yzky ganat bolsa şekilini üýtgedip, has ykjam boldy.
CATL kompaniýasyndan 93,7 kWt/sag sygymly Qilin 2.0 batareýasy bary-ýogy 11 minutda 10-dan 80%-e çenli zarýad alýar, bu hem SU7 Ultra-ny trek ulanylyşy üçin bäsdeşlige ukyply edýär.

Tanyşdyrylyş gutarandan bary-ýogy 10 minut soň, kompaniýa SU7 Ultra üçin 3680 sargyt hasaba aldy. Öň, Goldman Sachs 2025-nji ýylda şeýle gipersedandan, takmynan, 4000 sanysynyň satyljakdygyny çaklapdy.
Ýatlap geçsek, Xiaomi SU7 Ultra-nyň karbon prototipi Nýurburgring halkasyny 6 minut 46,874 sekuntda geçip, 1033 at güýji bolan Porsche Taycan Turbo GT-den (7 minut 7,55 sekunt) we 1914 at güýji bolan iki gapyly Rimac Nevera giperkaryndan (7 minut 5,298 sekunt) ep-esli öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetçilik ýollarynda hereket etmek üçin rugsat berlen iň tiz awtomobil henizem 6 minut 29,09 sekunt netije bilen Mercedes-AMG One gibrididir.


düýn 23:24
1.4k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

12.05.2026 14:52
2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

07.05.2026 11:15
1.9k+

Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar....