Xiaominiň SU7 Ultra giperkarynyň prototipi Nýurburgringde rekord goýdy

  • 31.10.2024 11:44
  • 4.1k+

“Xiaomi” kompaniýasynyň elektrik giperkary bolan SU7 Ultra Nýurburgringde bellenilen ýörite aralygy (trassadan) 6 minut 46,874 sekuntda geçip, rekord goýdy.

Bu prototip “Porsche Taycan Turbo GT” we “Tesla Model S” ýaly awtoulaglardan öňe geçdi. Hatda elektrik awtoulaglaryň arasynda önümçilikde iň oňat rekord eýesi bolan “Rimac Nevera” hem 7 minut 5,3 sekunt wagt bilen öňdeligini saklap bilmedi. Şeýle-de bolsa, bilermeniň belleýşi ýaly, “bu ajaýyp prototip nusgasyny beýleki önümçilik modelleri bilen deňeşdirer ýaly däl”.
SU7 Ultra umumy 1548 at güýjüne eýe bolan üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 1,97 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmäge ukyplydyr. Xiaominiň habar bermegine görä, bu modeliň bahasynyň arzan bolmagyny üpjün etmek üçin köpçülikleýin çykarylýan önümçilik görnüşiniň güýji, bu görnüşe görä biraz pesräk bolar.
“Mersedes-AMG One” häzirki wagtda öndürilen ýol awtoulaglarynyň arasynda rekord eýesi hasaplanýar. Ol bellenilen trassany 6 minut 29 sekuntda geçdi diýip, auto.ru ýazýar.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......