Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary Aşgabatda duşuşdylar

  • 31.10.2024 23:23
  • 4k+

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly duşuşyga topara bilelikde başlyklyk edijiler – Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk gatnaşdy.
Dar düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi, oňa Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny gözlemäge gönükdirilen bu duşuşugyň ähmiýetini bellediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar hereket edýän, şol sanda ulag, elektroenergetika we ş.m. ugurlardaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň möhüm orny nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlary boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.


05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....