«Belavia» Türkmenbaşy bilen Minsk aralygynda uçuşlarynyň sanyny artdyrýar

  • 30.10.2024 11:36
  • 8.1k+

«Belavia» belarus awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlarynyň sanyny artdyrýar. 23-nji noýabrdan Minsk — Türkmenbaşy ugrunda gatnawlar hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar diýip, kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berýär.

Täze tertibe görä, şenbe güni uçar Minskiden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler.
Sişenbe güni uçar Belarusyň paýtagtyndan 22:45-de ugur alar we ertesi gün 04:50-de Türkmenbaşy şäherine geler.
Uçuşlar «Embraer-195» uçarynda amala aşyrylar we uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar.
Ýolagçylar awiabiletleriň bahasy barada maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan alyp bilerler.


düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......